MEDENIÝET

Çagalaryň uly dosty

Çagalaryň  söwerdary,  özüniň eserleri bilen goja zeminde giňden tanalýan juwan  ýürekli şahyr  Kaýum Taňrygulyýew hem şeýle adamlaryň biridir. Ol  türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolmak bilen, ömrüniň ahyryna çenli döredijilikli zähmet çekdi. Türkmen edebiýatynda uly yz  galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramow öz kärdeşi, galamdaşy barada söhbet açyp, “…Çagalar Kaýum Taňrygulyýewi öz ýazyjylary hökmünde hormatlaýarlar, okaýarlar. Kaýumy goşgy ýazmaga iteren esasy zat, meniň  pikirimçe,  onuň  çagalykda gören iňňän geň-enaýy zatlary, Lebabyň, lebap obasynyň unydylmaz  peýzajy,   sada,  ajaýyp oba adamlarynyň ýetiren  täsirleri bolsa  gerek. Dogduk topragyna bolan mähir, söýgi, onuň ykbalyna baglylyk, onuň ertesi hakda perzentlik borjy bilen aladalanmak ony çagalar şahyry etdi”. Döredejilik ýolunyň agramly bölegini çagalar edebiýatyna bagyşlan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýew şeýle diýär: “Çagalara  niýetlenen goşgulary yzygiderli ýazýaryn. Goý, hemişe çagalaryň şat gülküsi ýaňlanyp dursun! Biziň ýurdumyzda çagalar diňe ukudan örenini bildirmek üçin aglasynlar!”.

Ol hemişe çagalaryň arasynda, çagalaryň dünýäsinde. Çagalaryň dünýäsi bolsa – päkize hyýallaryň, tämiz arzuwlaryň dünýäsi. Şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ýüzlerçe goşgudyr, hekaýalary bar.  Şahyryň  “Altyn aşyk” ady bilen çap edilen ilkinji ýygyndysy 1956-njy ýylda okyjylara ýetirildi. Onuň, umumylykda alanyňda, 200-e golaý kitaby 30 million nusgalykda çap edildi. Şeýle-de Kaýum Taňrygulyýewiň goşgularynyň dünýäniň 45 dilinde terjime edilendigini hem belemek  gerek.  Kaýum Taňrygulyýew diýilende, ilkinji nobatda, çagalar şahyry göz öňüne gelýär. Onuň “Süýji bolýar ekip iýseň”, “Gyzyl gar”, “Hezil hiňňillik”, “Jadyly däne”, “Altyn okara”, “Ýartygulagyň, Şyrdagyň, Pilmahmydyň syýahatlary”… ýaly kitaplary kiçilerem, ulularam höwes bilen okaýarlar. Şeýle hem şahyryň  “Geliň aýdym aýdalyň” diýen goşgular ýygyndysynyň birnäçesiniň aýdyma öwrüleni  bellemek bolar.  Şahyryň goşgulary bilen tanyş bolsam-da, entek özüni göremokdym. Haçan-da çagalar kitaphanasyna işe başlamda Kaýum aga bilen görüşmek işleşmek miýesser etdi. Men Kaýum aga çagalar bilen bilelikde, döredijilik duşuşugyny geçirmek üçin ýüz tutamda ol mähir bilen bize hökman geljekdigini aýtdy.  Mähirden ýüregi doly şahyr çagalara aýratyn hormat goýýardy. Biz Kaýum aga bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda duşuşuklar geçirdik. Ol çagalar kitaphanasyny gaty gowy görýärdi. Çagalar kitaphanasy bilen ýygy-ýygy duşuşuklar gurnap ýören,  Kaýum Taňrygulyýewiň segsen ýyllyk ýybileýi mynasybetli geçirilen dabara bize-de gatnaşmak miýesser etdi. Kaýum aga bilen geçirilen her bir duşuşugymyzda diňe bir çagalarda däl, eýsem, bizde hem uly täsir galdyrdy. Şahyryň eserlerinde ata Watana, ene-ata, hünäre-käre söýgi, owlakdyr-guzynyň, haýwanjyklaryň, dört  pasylyň alamatlary, umuman ene-topragyň adam bilen badaşandygyny, oňa aýawly garamak ýaly pikirler çaganyň duýgy, düşünjesine laýyklap ussatlyk bilen  beýan edýär. Ol durmuşyň eşretini, lezzetini ynsanyň gudratyna, onuň gözelligini päk zähmetde görýär. “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi, şeýle-de Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, ol çagalar edebiýaty  Geňeşiniň Halkara  baýragyna  hormatly  Gans Hristian Anderssen diplomyna we Mongoliýa ýaşlar soýuzynyň “Ýaş nesliň öňdebaryjy terbiýeçisi” nyşanyna hem mynasyp bolan. Kaýum Taňrygulyýew  häzirki zaman çagalar edebiýatynyň  ösüşi üçin niçiksi uly goşant goşandygyny sanap oturmagyň geregi  ýok.  Goşgulary, hekaýalary, powestleri   barada birin-birin gürrüň etmek bir söhbetiň çäginden örän giň.  Onuň dünýäniň ýazyjy şahyrlaryndan eden terjimeleri babatda hem şeýle. Terjime äleminde elliden gowrak milletiň şahyrlarynyň üç ýüze golaý eserlerini öz ene dillerine geçirdi.  Çagalaryň söýgüli şahyry, Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň waspçysy bolup Kaýum aga döwrüň ýürek urgusuny joşgunly setirlere geçirip,  olary halk köpçüligine ýetirip ýaşan şahyr.

Ýazyjy şahyrlarymyza uly hormat goýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Gahryman Prizidentimiziň janlary sag bolsun!

Hemragül Täşliýewa,  

Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi

Türkmen talyby Gazagystanda “Iň gowy zenan keşbi” üçin baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Ilkinji gezek Buker baýragy hekaýalar ýygyndysyna berildi

Ak şäherimiz Aşgabada bagyşlanan konsert

Ata Watan Eserleri

Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Aşgabatda “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalyna gatnaşdy