JEMGYÝET

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öňde boljak sapara görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy.

Häzirki wagtda döwletleriň arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk binýady hökümetara, döwletara we pudaga resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.

Iki ýurduň arasynda resmi we döwlet saparlarynyň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Maýalziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji we 2016-njy ýylda Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlaryny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabarynda Malaýaziýa amala aşyran resmi sapary türkmen-malaýziýa gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady