JEMGYÝET

Wladimir Putin: Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygymyz üstünlikli ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

– Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär. Siziň tagallalaryňyz bilen şeýle ýokary sepgitlere ýetildi, Siz bu gatnaşyklaryň binýadyny goýduňyz – diýip, Wladimir Putiniň türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bolan duşuşygyndaky beýanyny Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşine uly kanagatlanma bildirdi. Onuň bellemegine görä, Aşgabat bilen Moskwanyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda täze taslamalary gözlemegi dowam etdirýär, şu maksatlar bilen hökümetara topary iş alyp barýar.

Wladimir Putin sebitleýin derejedäki netijeli gatnaşyklara barada aýdyp, “Sebitleýin gatnaşyklar oňat netijeler berýär. Russiýa Federasiýasynyň 60 subýekti bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklar bar. Bu ugurda Tatarystan, Astrahan oblasty we Sankt-Peterburg öňdeligi eýeleýär” – diýip, belledi.

Rus Lideri Türkmenistanyň Prezidenti bilen gowy gatnaşyklar saklaýandyklaryny belläp, Türkmenistanyň Prezidentini Kazanda geçiriljek BRIKS sammitine, şeýle hem her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmaga çagyrýandygyny belledi.

Related posts

Türkmenistan havai fişekler ile 2018’e merhaba dedi

vepa

Kino biletleriniň bahasy arzanlady

Ata Watan Eserleri

Sanayi Bakanlığına vekaleten atama

vepa