SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Eýran howa giňişligini doly açdy

Ýurduň ýolbaşçylary howa giňişliginiň açylmagynyň awiakompaniýalara adaty uçuş tertibine dolanmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

Eýranyň raýat awiasiýasy guramasynyň ýolbaşçysy Hosseýn Şirudiniň aýtmagyna görä, harby hereketleriň tamamlanandygy yglan edilenden soň Eýranyň howa giňişligi adaty iş tertibine dolandy.

Onuň bellemegine görä, bu karar döwlet edaralarynyň degişli habarnamasyndan we ugurdaş guramalar bilen utgaşdyrylandan soň kabul edildi. Uçuşlar hereket edýän awiasiýa habarnamalaryna (NOTAM) laýyklykda amala aşyrylar.

Şirudi howpsuzlyk boýunça zerur çäreleriň üpjün edilendigini, şeýle hem ozal girizilen howa giňişligini ulanmak baradaky çäklendirmeleriň ýatyrylandygyny aýtdy.

“Ýurtdaky awiasiýa işi tassyklanan meýilnama laýyklykda adaty düzgüne gaýdyp gelýär” — diýip, Raýat awiasiýasy guramasynyň ýolbaşçysy belledi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär