DÜNÝÄ

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Gruziýanyň daşary işler ministrleri Stambulda geçirilen daşary işler ministrleriniň 10-njy üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Stambul jarnamasyna gol çekdiler. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi. Resminama Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, Gruziýanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Maka Boçorişwili hem-de Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow tarapyndan gol çekildi.

Jarnamada taraplar özygtyýarlylygyň, çäk bitewüliginiň we serhetleriň eldegirmesizliginiň özara goldanylýandygyny tassykladylar, şeýle hem ulag, energetika we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

 

Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisiniň we Günorta gaz geçelgesiniň Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyndaky orny, şeýle hem Orta geçelgäniň we Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň ähmiýeti aratyn bellenilip geçildi.

Taraplar Günorta Kawkazyň mümkinçiliklerini doly amala aşyrmak üçin sebitara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň wajypdygyny belläp, bu prosesde üç döwletiň oňyn roly barada aýtdylar. Ministrler şeýle hem Azerbaýjanyň Bütindünýä şäher forumyny (WUF13) geçirmäge goşan goşandyna ýokary baha berdiler we Türkiýäniň COP31 başlyklygyny goldadylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça ministrleriň nobatdaky 11-nji duşuşygyny 2027-nji ýylda Gruziýada geçirmek barada karar kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady