DÜNÝÄ

Türkiýe Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlygy we durnukly geljegi ugrunda hyzmatdaşlyga çagyrýar

«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatynda çykyş eden Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda meseleleri boýunça baş geňeşçisi Ramazan Kysa çäräniň guralandygy üçin ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de Hazar basseýnini arassa, howpsuz we gülläp ösýän sebite öwürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini nygtady.

Geňeşçi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň, şeýle hem demirgazyk we günorta ýurtlarynyň arasynda köptaraplaýyn dialogy we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag-aragatnaşyk geçelgelerini ösdürmäge, şeýle hem ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.

Geňeşçi Türkiýäniň daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmekde uly tejribä eýedigini we sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen bu tejribäni sebitdäki hyzmatdaşlary bilen işjeň paýlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Related posts

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri Yslamabatdaky Capital Smart City taslamasyna baryp gördüler