SPORT

Türkmenistanda “Kids Expo-Chess Cup 2026” resmi halkara küşt ýaryşy geçiriler

2026-njy ýylyň 19–20-nji awgustynda Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek 15-den gowrak ýurtdan U8, U10 we U12 ýaş kategoriýalaryndaky ýaş küştçüleriň arasynda rapid we blis boýunça “Kids Expo-Chess Cup 2026″ resmi halkara küşt ýaryşy geçiriler.

Küşt tagtalarynyň başynda Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan ýaş türgenler duşuşarlar.

Ýaryş diňe bir ýaş türgenler üçin däl, eýsem halkara derejesindäki möhüm waka öwrüler. Aşgabada Türkiýeden, Iordaniýadan, Kambojadan, Nepaldan, Pakistandan, Ýaponiýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan, Liwiýadan we beýleki ýurtlardan halkara we milli küşt federasiýalarynyň wekilleri, grossmeýsterler hem-de çempionlar hem geler.

Olaryň gatnaşmagy ýaş küştçüleri, professional oýunçylary we halkara küşt jemgyýetçiliginiň wekillerini bir meýdançada jemlemäge, özara pikir alyşmaga, tejribe paýlaşmaga hem-de çagalar küştüň ugry boýunça halkara gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik döreder.

“Kids Expo-Chess Cup” Halkara Küşt Federasiýasynyň (FIDE) düzgünlerine laýyklykda geçiriler we KIDS EXPO 2026 sergisiniň işewürlik hem-de sport maksatnamasynyň bir bölegi bolar.

Ýaryş maksatnamasyndan başga-da, sergä gatnaşyjylar we myhmanlar üçin dürli küşt çäreleri — erkin oýun zolagy, ussatlyk sapaklary, bilim çäreleri, tanyşdyryşlar we küşt boýunça sowal-jogap bäsleşigi guralar. Myhmanlar küşt tagtasynyň başynda öz başarnyklaryny synap görmäge, bilimlerini barlamaga, professional oýunçylar we bilermenler bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik alarlar.

Çagalar küştüni we küşt bilimini ösdürmäge aýratyn üns berler. Maksatnamanyň çäklerinde mugallymlar, tälimçiler, küşt maksatnamalarynyň guramaçylary, şeýle hem çagalaryň we ýaşlaryň arasynda küştüň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýänleriň ählisi üçin duşuşyklar we çäreler geçiriler.

Ýaryşyň guramaçylary we hyzmatdaşlary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy, Türki döwletleriň Küşt assosiasiýasy, Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň Freedom Asian Chess Initiatives (FACI) maksatnamasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we “TurkmenExpo” kompaniýasy çykyş edýär.

“KIDS EXPO 2026” sergisiniň çäklerinde ilkinji resmi halkara küşt ýaryşynyň geçirilmegi Türkmenistanda çagalar küştüni ösdürmekde möhüm waka bolup, halkara sport we bilim hyzmatdaşlygynyň gerimini giňelder.

“Kids Expo-Chess Cup” 2026-njy ýylyň 19–20-nji awgustynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde, 19–22-nji awgust aralygynda geçiriljek «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçiriler.

Related posts

Angliýanyň futbol taryhyna geçdi

Çempionlar ligasynyň senasy nirуden gelip çykdy?

Lionel Messi “Barselonadan” gitmekçi