SPORT

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

UEFA-nyň ştab-kwartirasynda Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Geçirilen çäräniň netijesinde şu aşakdaky jübütler emele geldi:

  • «PSŽ» – «Çelsi»

  • «Galatasaraý» – «Liwerpul»

  • «Real» – «Mançester Siti»

  • «Atalanta» – «Bawariýa»

  • «Nýukasl» – «Barselona»

  • «Atletiko» – «Tottenhem»

  • «Budýo-Glimt» – «Sporting»

  • «Baýer» – «Arsenal»

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlary 10-11-nji martda, jogap oýunlary bolsa 17-18-nji martda geçiriler. Oýunlaryň takyk tertibi soňra çap ediler.

Häzirki wagtda Çempionlar ligasynyň kubogynyň eýesi «PSŽ» toparydyr. Parižliler geçen möwsümiň finalynda «Interi» 5:0 hasaby bilen uly aratapawutda ýeňmegi başardylar.

Related posts

Tuhel “Bawariýa” toparynyň täze tälimçisi boldy

Ata Watan Eserleri

Lewandowski – FIFA boýunça iň gowy futbolçy

Ata Watan Eserleri

“El Klasiko”: “Real Madrid” öňe geçdi