DÜNÝÄ

Türkmenistan Türk dünýäsiniň Meteorologiýa birleşiginiň agzasy bolar

Ýakyn geljekde Meteorologiýa we gidrologiýa boýunça strategiki we ylmy meýilnamany taýýarlamak üçin türki dilli döwletleriň Iş topary Türk dünýäsiniň Meteorologiýa birleşigi dörediler. Bular barada ýakynda Türk dünýäsiniň meteorologiýa boýunça birinji onlaýn maslahatynda ylalşyga gelindi.

Türkiýäniň Meteorologiýa Baş müdirliginiň döredilmeginiň 84 ýyllygyna bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Maslahat Bütindünýä Meteorologiýa guramasynyň Baş sekretary Petteri Taalasyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Onuň işine Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Demirgazyk Kipriň we Özbegistanyň milli gidrometeorologiýa gulluklary hem onlaýn gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlaryň meteorologiýa institutlarynyň bilelikdäki işleriniň halkara platformalarynda giňeldilmegi baradaky meseläni hem ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkiýe durnukly ösýär

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi