JEMGYÝET

Baş arhiw müdirliginden sanly hyzmat

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi resmi saýty arkaly raýatlaryň we edara-kärhanalaryň ýüztutmalaryny kabul edýändigini habar berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Hormatly ildeşler!

Siz döwlet arhiwlerine barmazdan, özüňizi gyzyklandyrýan mesele boýunça ýüztutmaňyzy Baş arhiw müdirliginiň resmi saýtynda (archive.gov.tm) ýerleşdirilen degişli arzalaryň görnüşlerini kompýuterleriň we mobil enjamlaryň üsti bilen dolduryp, biziň salgymyza ugradyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzümindäki döwlet arhiwlerine elektron poçta arkaly hem ýüz tutup bilersiňiz:

Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi, Ahal welaýatynyň döwlet arhiwi we Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwi — archive@online.tm

Balkan welaýatynyň döwlet arhiwi — balkan_archive@online.tm;

Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwi — dashoguz_archive@online.tm;

Lebap welaýatynyň döwlet arhiwi — lebap_archive@online.tm;

Kerki şäheriniň döwlet arhiwi — kerki_archive@online.tm;

Mary welaýatynyň döwlet arhiwi — mary_archive@online.tm;

Tagtabazar etrabara arhiw aýawhanasy — mary_archive1@online.tm

 

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

 

Related posts

Rumyniýanyň parlamentinde türkmen medeni we sungat işleriniň sergisiniň açylyşy

vepa

Harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakynda Permanlara gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekgede Gurbanlyk sadakasyny berdi