DÜNÝÄ

“Kosmos-482” apparaty orbitadan çykyp, ummana gaçdy

1972-nji ýylyň baharynda uçurylan “Kosmos-482” atly kosmos enjamy öz işini tamamlady — ol orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy.

Enjamyň orbitadan çykmagy Ýere golaý kosmos giňişliginde howply ýagdaýlar barada duýduryş bermek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam tarapyndan gözegçilikde saklandy. Roskosmosyň düzümine girýän TsNIIMaş merkeziniň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, enjam Moskwa wagty bilen 9:24-de atmosferanyň gaty gatlaklaryna girip, Orta Andaman adasynyň günbataryndan 560 km uzaklykda ýere düşdi we Jakaranyň günbatarynda Hindi ummanyna gaçdy.

Bu enjam ilkinji başda Wenerany öwrenmek üçin 1972-nji ýylda uçuryldy. Ýöne tizlendiriji bölegindäki näsazlyk sebäpli ol meýilleşdirilen Mars ýoluna geçmän, uzak wagtlap Ýeriň ýokary elliptik orbitasynda galdy we wagtyň geçmegi bilen planeta golaýlap ugrady.

Related posts

“Matrix” filmindäki syrly äýnek

Ata Watan Eserleri

29-njy iýunda Hazar sammiti geçiriler

Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen metjit gurulýar