SPORT

“El-Klasiko”: “Barselona”-“Real Madrid”: 4:3

Ispaniýanyň futbol çempionatynyň 35-nji tapgyrynda “El Klasiko” derbisi – “Barselona” bilen “Real Madrid” topary duşuşdy. 2:0 hasabynda utulyp barýan “Barselona” topary 4:3 hasabynda utdy.

“Real Madrid” toparynyň 3 goluny hem Kilian Mbappe geçirdi. Ol XXI asyrda “El Klasiko” derbisi het-trik eden 3-nji futbolçy boldy. Şeýle hem şu möwsümde  “Barselona” bilen “Real Madrid” topary 4 gezek duşuşdy we 4-sinde hem ýeňiş gazanan “Barselona” topary garşydaşynyň derwezesine 16 pökgi geçirdi.

“Real Madrid” topary duşuşygyň 5-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusy we 14-nji minutda adaty oýun ýagdaýynda gol geçirip, 2:0 hasabynda öňe saýlandy. Gollary fransuz futbolçy Kilian Mbappe öz adyna ýazdyrdy.

Ýöne ruhdan düşmedik “Barselona” topary kembek etmegi başardy we duşuşygyň birinji ýarymynda hasaby 4:2 etmegiň hötdesinden geldi.

“Barselona” toparynyň düzüminde Rafinýa 34-nji we 45-nji, Erik Garsiýa 19-njy we Lamin Ýamal 32-nji minutda tapawutlandy.

“Barselona” topary şu möwsümde “Realyň” derwezesine 16 pökgi gönükdirdi. Çempionatyň 11-nji tapgrynda Madridde “Realy” 4:0 hasabynda ýeňen “Barselona” topary Kubogyň finalynda 3:2 hasabynda, Superkubogyň finalynda bolsa 5:2 hasabynda utdy.

“Barselona” topary şu gezekki ýeňşi bilen aratapwudy 7 utuga ýetirdi. Geljek hepde ýeňiş gazanan halatynda “Barselona” topary çempionlygyny yglan eder. 15-nji maýda “Barselona” topary “Espanýol” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Gökderede ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Halkara küşt ýaryşy: Türkmenistan 19 medal bilen birinji boldy

Ronaldo Donald Trampa futbol köýnekçesini sowgat etdi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçirilýär

12-nji dünýä rekordyny goýdy

Gattuso Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy