JEMGYÝET

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojersiň hormatynda dabaraly kabul edişlik gurady. Oňa “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.

Dabara Tükrmenistandaky daşry ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud öz çykyşyny türkmen dilinde ýerine ýetirip, ol ABŞ-nyň şu ýyl özüniň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyny belleýändigini belläp, bu möhüm wakanyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojersiň Aşgabada saparynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Ol bu saparyň hususan-da, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da berkemegine uly goşant boljakdygyny aýtdy.

Soňra çykyş eden ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada saparyndan hoşal galandygyny belläp, saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Bilim we Medeniýet ministrliginde örän netijeli gepleşikler geçirendigini aýtdy.

Sara Rojers beýleki diplomatlardan tapawutlylykda, öz wezipäsiniň medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrylmaga gönükdirilendigini belläp, Türkmenistana hem-de türkmen diline daşary ýurtlarda, hususan-da ABŞ-da gyzyklanmanyň barha artýandygyny belläp geçdi.

Ol ABŞ bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky umumylyklary has-da berkitmek ugrunda iş alyp barýandyklaryny belläp, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky umumylygyň garaşsyzlyga bolan aýratyn garaýşy bolup durýandygyny belledi.

Sara Rojers Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers sebit döwletlerine, hususan-da Özbegistan, Nepal we Hindistan saparlarynyň çäklerinde Türkmenistana hem geldi.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy