JEMGYÝET

31-nji iýuldaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 31-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24… +26°, gündizine +34… +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +34… +39° yssy, kenarýaka etraplarynda +29… +34° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 747 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Awazada: howa +31… +33°, basyşy 755 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Balkanabat şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 756 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21… +26° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 733 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Tejen şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 739 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Baýramaly şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +34… +39° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Kerki şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 729 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Daşoguz şäherinde:howa +35… +37°, basyşy 749 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Köneürgenç şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 750 mm, çyglylygy 15 — 35%.

 

Tokio-2020: Efiopiýa Tokiodaky ilkinji altyn medalyny gazandy

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy