JEMGYÝET

Ilham Aliýew: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar köp asyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar hem-de strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir.

Bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Ýurtlarymyzyň arasynda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň işjeň häsiýetini kanagatlanma bilen belleýärin. 2025-nji ýylyň awgust aýynda men Türkmenistana sapar bilen geldim. Geçen ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iki gezek sapar etdi, şu ýylyň iýun aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrdy.

Bu duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşmaça itergi berdi we hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy» diýip, Ilham Aliýew belledi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary üstünlikli tamamlandy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Türkmenistanda ýaşlaryň 141-si Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy