DÜNÝÄ

“Bedew bady: güýç hem gözellik”: baş baýraga rus režissýor mynasyp boldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän taryhy ähmiýetli halkara çäreleriň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Munuň özi GDA-nyň çäklerinde bar bolan teleýaýlymlarda we kinostudiýalarda döredilýän filmleriň ählumumy talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek ugrunda edilýän bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Bu ýerde bäsleşige gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan filmleriň awtorlaryna mynasyp bolan sylaglary gowşuryldy.

ÝEŇIJILER PUL BAÝRAKLARY BILEN SYLAGLANDY

  • “Iň gowy telewizion film” ugry boýunça baş baýraga Russiýa Federasiýasynyň wekili, režissýor Robert Fransewiň “Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy” atly filmi mynasyp boldy. Bu abraýly baýragyň eýesiniň bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanylýandygy bellenildi.
  • Türkmenistandan Rahymberdi Annagulyýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Atamdan galan” atly film bäsleşigiň birinji ornuna mynasyp boldy. Ýeňijä 7 müň amerikan dollary, heýkel we diplom gowşuryldy.
  • Eminler Azerbaýjan Respublikasyndan Mirsadyg Agazadeniň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Garabagyň altyn atlary” atly filmiň ikinji orny eýeländigini yglan etdiler. Ýeňijä 5 müň amerikan dollary, heýkel we diplom gowşuryldy.
  • Gazagystan Respublikasyndan Temirbeg Amanžolyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Ewa — batyr gyz” atly film üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Ýeňijä 3 müň amerikan dollary, heýkel we diplom gowşuryldy.
  • Gyrgyz Respublikasyndan Nursultan Kadyrkul Uulynyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Merkezi Aziýadaky iň uly –alaman” atly film eminleriň baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijä heýkel, bäsleşigiň diplomy we telewizor gowşuryldy.

Related posts

Eýranyň Prezidenti Hazar sammitine çagyryldy

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan’da Bağımsızlık Bayramı açılışları devam ediyor.

vepa