DÜNÝÄ

Baýdeniň hormatyna burger

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ýaponiýanyň Ýokosuka şäherinde ýerleşýän harby deňiz bazasynyň ýakynyndaky restoranlaryň biri öz menýusyna «Baýden Burger» atly täze tagamy goşdy. Bu barada «Mainichi» neşiri habar berýär.

ABŞ-daky Prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Jozef Baýdeniň hormatyna taýýarlanan täze burgeriň düzümine ozalky burgerlere goşulmadyk tagamlar goşuldy.

Ýeri gelende aýtsak, «Sunami» atly bu restoran Prezident burgerleri bilen meşhurdyr. Restoranyň menýusyna 2009-njy ýylda «Obama Burger», 2016-njy ýylda bolsa «Tramp Burger» atly täze tagamlar goşulypdy.

Täze tagam ― «Baýden Burger» 19 dollardan satylar.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Related posts

«Kids Expo 2025» sergisi geçirilýär

Türkiýe Garaşsyzlyk gününiň 100 ýyllygyny belleýär

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar