DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň mirasdüşer şazadasy belli boldy. Ol…

«Reuters» neşiriniň ýazmagyna görä, Ýaponiýanyň mirasdüşer şazadasy belli boldy. Has takygy, şazada Akisino tagtyň indiki eýesi hökmünde resmi ýagdaýda yglan edildi.

Başda tagta mirasdüşerleriň sany üçdi. Ýöne Akisinonyň kakasy mirasdüşerlikden ýüz öwürdi, uly dogany imperator Naruhito bolsa monarh boldy. Şeýelikde, Akisino tagta ýeke-täk dalaşgärdir.

54 ýaşly Akisinonyň mirasdüşerligi bilen bagly dabara aprel aýynda geçirilmelidi. Ýöne koronowirus pandemiýasy sebäpli bu dabara soňa süýşürildi.

Ýaponiýanyň kanunlaryna görä, tagta diňe erkekler eýeçilik edip bilýär. Şonuň üçin häzirki imperator Naruhitonyň ýeke-täk perzendi bolan 18 ýaşly şa gyzy Aýko oňa dalaş edip bilmez.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy