DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň 75-nji plenar mejlisinde Türkmenistan 2026-2028-nji ýyllar üçin BMG Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy.

ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň we agza guramalaryň ykdysady we jemgyýetçilik işlerini utgaşdyrmak üçin jogapkär esasy organdyr. ECOSOC, BMG ulgamynyň durnukly ösüşiň üç ölçegini – ykdysady, durmuş we daşky gurşawy öňe sürmek ugrundaky tagallalarynyň merkezinde durýar.

ECOSOC Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyllyk möhlete saýlanan 54 döwletden ybarat. Her ýyl möhleti gutaran ýurtlary çalyşmak üçin sebit toparlaryndan 18 ýurt saýlanýar.

Türkmenistan mundan ozal, 2013-2015-nji hem-de 2019-2021-nji ýyllar üçin guramanyň bu abraýly düzümine saýlanypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy