JEMGYÝET

Putin: Russiýa bilen GDA-nyň haryt dolanyşygy 110 milliard dollardan geçdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen GDA agza ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 110 milliard ABŞ dollaryndan geçendigini we şu ýyl hem ösüşini dowam etdirýändigini habar berdi.

«2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Russiýa bilen GDA agza ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 110 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda bolsa ýene-de 19 göterim artdy» diýip, Wladimir Putin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň duşuşygynda aýtdy.

Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň liderlerini Sankt-Peterburgda geçiriljek resmi däl sammite çagyrdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň kärdeşlerini däbe öwrülen, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän resmi däl sammite çagyrdy. Duşuşyk 21-nji dekabrda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler.

«Elbetde, gadyrly dostlar, asylly däbimize eýerip, hemmäňizi 21-nji dekabrda Sankt-Peterburg şäherine çagyrmak isleýärin. Adatça bolşy ýaly, biz şol ýerde däbe öwrülen resmi däl, dostlukly duşuşygymyzy geçirýäris» diýip, Putin aýtdy.

Wladimir Putin Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek duşuşygyň gün tertibi barada durup geçip, «Ähli häzirki we geljekki meseleleri ara alyp maslahatlaşyp bileris» diýip belledi.

Related posts

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan: energetika ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Özbek Liderine Hormatly professor alymlyk ady dakyldy

Ata Watan Eserleri