JEMGYÝETMEDENIÝET

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat hem-de sebitiň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günlerine badalga berildi.

Aşgabatda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen giň gerimli çäre bolan Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy. Ýüzlerçe tomaşaçyny, tanymal sungat işgärlerini we hormatly myhmanlary bir ýere jemlän bu şanly wakanyň geçirilen ýeri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi boldy.

Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa, Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günlerine bagyşlanan gala konsertde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dostlukly ýurt – Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Arkdag şäherinde ilkinji gezek bir ýurduň Medeniýet günleriniň geçirilýändigini bellemegiň örän ýakymlydygyny aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli hem öz çykyşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň taýsyz tagallasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda iň ýokary derejä çykarylandygyny belledi.

Konsert maksatnamasynda Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa edildi. Dostlukly ýurduň deprekçiler toparynyň çykyşy tomaşaçylarda aýratyn tolgunma döretdi.

Azerbaýjanyň halk artisti Azer Zeýnalowyň çykyşy tomaşaçylarda aýratyn şowhun döretdi, ol ilki Üzeýir Hajybeýliniň «Söýgüli» romans-gazalyny ýeke özi ýerine ýetirdi, soňra bolsa Fatima Jafarzade bilen duetde meşhur «Arşyn mal alan» operettasyndan gyzykly sahnany janlandyrdy.

Ýene-de okaň

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi