DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Azerbaýjanyň Medeniýet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny aýratyn bellediler. Medeniýet edaralarynyň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, döredijilik toparlarynyň we ugurdaş bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň iki ýurduň halklarynyň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm çäre hökmünde ähmiýeti bellenildi. Medeni maksatnama çeper filmleriň görkezilişini, Azerbaýjanyň edebi we çeper mirasyna bagyşlanan okuw sapaklaryny, şeýle hem birnäçe sergileriň tanyşdyrylyşyny öz içine alýar. Çäreleriň iň ýokary nokady hökmünde azerbaýjan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler. Medeniýet günleri üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň, sergileri we beýleki çäreleri guramagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň we medeni platformalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem türkmen-azerbaýjan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de iki dostlukly döwletiň halklarynyň bähbidine konstruktiw dialogyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Gyrgyzstan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Belgiýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy