BIZNES

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

2026-njy ýylyň 9-10-njy iýunynda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň işewürler topary saparda bolup, bilelikdäki türkmen-özbek işewürler forumyna gatnaşdylar. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Daşoguz welaýat häkimligi tarapyndan gurnaldy.

Bu forum iki goňşy ýurduň serhetýaka sebitleriniň ykdysady we söwda mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirildi.

Maslahata goňşy döwletden  Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Horezm welaýatynyň Maýa goýum, senagat we söwda müdirliginiň wekilleri, işewürler topary gatnaşdy.

Bilelikdäki Türkmen-Özbek işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň degişli welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, özara ylalşyklar gazanyldy.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň işewürler toparynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan “Daşoguz pagta egriji fabriginiň”  ýokary hilli pagta ýüpliginiň öndürilişi  bilen ýakyndan tanyşdylar. Kärhananyň sanly we awtomatlaşdyrylan ulgamlary, ekologiýa taýdan arassa önümleri özbek işewürlerinde uly gyzyklanma döretdi.

Özbek wekiliýeti  sebitiň hususy pudagynyň kuwwatly wekilleriniň biri bolan “Amantaý” hususy kärhanasyna hem baryp gördi. Myhmanlar kärhananyň önümçilik tehnologiýalary, taýýarlanýan harytlaryň görnüşleri we iş şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu tanyşlyk, hususy pudakda serhetüsti maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly itergi berdi.

Geçirilen bu forum Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky asyrlara uzan dostlukly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň duşuşygy

“Petronas” dekabr aýynda Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerine başlar

Türkmen telekeçileriniň Azerbaýjana işewürlik saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 6 aýynda 4.1 million tonna nebit çykaryldy

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy