BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa iş sapary

2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Maliýe we ykdysadyýet hem-de Energetika ministirliginiň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary şeýle-hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bar.

12-nji fewralda Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Oba hojalygy we azyk boýunça federal ministrliginiň Parlamentar döwlet sekretary H.Ý.Fuhtel bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw  Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygyny hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda dowam edýän oňyn ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar hem-de şol ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da oba hojalygy pudagynda iri maýa goýum we innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Soňra Türkmen wekiliýetiniň agzalary Germaniýanyň “Claas” kompaniýasynyň Innowasion ylmy işläp-taýýarlamalar merkezine        hem-de oba hojalyk fermasyna baryp gördüler.

13-nji fewralda Berliniň «Deutsche Bank AG» bankynyň binasynda Türkmen-german işewürler maslahaty öz işine başlady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler