BIZNES

Türkmenistan bilen Russiýa gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilmek boýunça ylalaşyga gol çekdi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Sergeý Wladimirowiç Şklýaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, hünärmenleriň alyşylmagy, kadr taýýarlygyny ösdürmek, şeýle hem Bütindünýä gümrük guramasy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara görnüşlerinde hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Şol çäräniň çäklerinde Russiýanyň Federal gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy arasynda Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasynda harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirişinde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrmak hakynda (“Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi”) Ylalaşyga gol çekildi. Bu Ylalaşyk özara söwdanyň ösdürilmegine, gümrük amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna we gümrük dolandyryşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleginde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy