DÜNÝÄ

Türkiýeli astronawtlar älem giňişligine çykar

Russiýanyň «Roskosmos» agentligi türkiýeli bir astronawtyň älem giňişligine çykarylmagy üçin ýakyn geljekde Türkiýeden bir teklibe garaşýandygyny mälim etdi. Bu mälimnama Türkiýäniň Milli kosmos maksatnamasynyň çäginde ýurduň bir raýatynyň Halkara kosmos stansiýasyna ugratmak bilen bagly başlangyjyndan soň geldi.

Aslynda, Russiýa Türkiýä älem giňişligi babatynda hyzmatdaşlygy teklip eden ilkinji döwlet däldir. Häzir türkiýeli kosmos wekillerine şeýle teklipler dünýäniň beýleki iri kosmonawtika kompaniýalaryndan hem gelýär.

«Roskosmosyň» metbugat gullugynyň wekilleri «Sputnik» habarlar agentligine beren beýanatynda «Türkiýeli kärdeşlerimiz bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmak biziň üçin hem ýakymly. Ýakyn geljekde olardan älem giňişligi bilen bagly täze taslamalar hakynda tekliplere garaşýarys. Biz älem giňişligine uçuryljak toparyň taýýarlygy we ony uçurmak bilen bagly işlerdäki tejribämizi paýlaşyp bileris» diýilýär.

Türk astronawtlarynyň älem giňişligine çykmagy baradaky başlangyjyň çeşmesi ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana degişlidir. Biraz soňra Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank ýurtda Kosmos agentligini döretmek işine girişilendigini habar berdi. Russiýa Federasiýasy bu işde esasy hyzmatdaşlaryň biridir.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy