DÜNÝÄ

Konkur bäsleşiginiň ýeňijisi — Altynhan!

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler düýn konkur boýunça bäsleşikler bilen dowam etdi. Atly sportuň özboluşly görnüşi bolan bu bäsleşik ölçegleri we enjamlaşdyrylyşy boýunça dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežine köp sanly janköýerleri ýygnady. Oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Bäsleşigiň esasy guramaçysy bolan «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde habar berlişi ýaly, ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasyna, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine hem-de Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna we beýleki guramalara degişli, atly sportuň bu ugry boýunça ýörite taýýarlygy bolan naýbaşy bedewleriň 9-sy gatnaşdy. Eminler topary gatnaşyjylara düzgünnama laýyklykda adalatly baha berdiler.

Mälim bolşy ýaly, atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek — konkur görnüşi boýunça ýaryşlarda gatnaşyjylaryň at bilen sazlaşykly hereketi, sport atynyň türgeniň her bir talabyna erkin boýun bolmagy we atlaryň päsgelçiliklerden jerime utugyny almazdan, kemçiliksiz böküp geçmegi, atyň hem türgeniň ýaryş wagty özüni kabul edilen düzgüne laýyk alyp barmagy ýeňiş gazanmagyň esasy şertleri bolup durýar.

Şeýlelikde, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşynyň netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli bolan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhan atly akýal mele bedewi birinji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary

“Galkynyş” topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady