DÜNÝÄ

BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetara we dinara dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berendigi bellenildi.

ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda «Merkezi Aziýa – parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şeýle-de parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýeti boýunça Ählumumy sammiti geçirmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy