DÜNÝÄ

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýändigini hem-de Türkmenistanyň olar bilen gatnaşyklaryny we Garaşsyzlyk ýyllarynda toplan hyzmatdaşlygyň baý tejribesini göz öňünde tutup, birnäçe teklipler beýan edildi.

Döwlet Baştutanynyň alyp barýan syýasatynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletiň bu sebit ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini degişlilikde şol bir wagtda Maldiwler Respublikasyna hem-de Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy

Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan forumyna gatnaşdy