BIZNES

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Related posts

“Forbes”: Bill Geýts 5-nji orna düşdi

Telekeçiler birleşmesi daşary ýurtda söwda öýlerini we wekilhanalaryny açar

Ata Watan Eserleri

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­ginden möhüm bäsleşik

Ata Watan Eserleri