BIZNES

Hytaý 13 ýyl bäri Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşy

Hytaýyň Halkara Söwda Ösüş Geňeşiniň (CCPIT) başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlun Hytaýyň Türkmenistanyň 13-nji ýyl bäri iň uly söwda hyzmatdaşy hökmünde öz ornuny dowam etdirýändigini, ikitaraplaýyn söwda mukdarynyň 2024-nji ýylda 10,65 milliard dollara ýetendigini aýtdy. Ol bu barada Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (IFT 2025) eden çykyşynda belläp geçdi.

Ol iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlykda uly üstünliklere ýetilendigini belläp, Hytaý-Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly berilýän türkmen tebigy gazynyň müňlerçe hytaý maşgalasyny tebigy gaz bilen üpjün edýändigini, Hytaýyň sarp ediş harytlaryna, awtoulaglaryna we beýleki önümlerine türkmen alyjylarynyň isleginiň ýokarydygyny aýtdy.

2024-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň Türkmenistana ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna göni maýa goýumlarynyň mukdary 260 million dollar boldy. Iki ýurduň kompaniýalary infrastruktura, energetika we logistika ýaly ugurlar boýunça birnäçe taslamany üstünlikli durmuşa geçirdiler.

Forumyň çäginde energetika, söwda, oba hojalygy, binagärlik, logistika we maşyn gurluşygy ýaly pudaklara wekilçilik edýän onlarça hytaý kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri Türkiýede tanyşdyryldy

Türkmenistanda oba hojalyk boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini guramak meýilleşdirilýär

Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçiriler

Günorta Koreýanyň kompaniýasy Türkmenistanda dökün zawodyny gurar

Russiýa we Katar 2 milliardlyk gazna döredýär