SPORT

“Liwerpully” futbolçy Diogo Jota aradan çykdy

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň portugal ýarymgoragçysy Diogo Jota Ispaniýanyň Samora welaýatynda awtoulag heläkçiligine uçrap, şol ýerde aradan çykdy. Bu barada Ispaniýanyň “Marca” neşiri habar berdi.

28 ýaşyndaky futbolçy bilen özünden kiçi dogany Andre hem şol heläkçilikde aradan çykdy. Jotanyň dogany hem Portugaliýanyň ligasynda futbol oýnaýar.

Jota 2020-nji ýylda “Wulwerhempton” toparyndan “Liwerpul” toparyna 41 million funt-sterlinge geçipdi. Şondan bäri “Liwerpul” toparynda 182 duşuşykda oýnap, 65 gol geçirdi. Ol bu topar bilen Angliýanyň çempiony boldy, Angliýanyň Kubogyny we Angliýanyň Liga kubogyny gazandy.

Şeýle hem Jota Portugaliýanyň “Pasuş de Ferreýra” we “Porto” toparlarynda çykyş etdi, 2016-njy ýylda “Atletiko” toparyna geçdi. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen 2 gezek Milletler ligasynda çempion boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy