SPORT

15 ýyllyk rekord täzelendi

Fransiýaly ýüzüji Leon Marşan 400 metr aralyga suwda ýüzmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol bu üstünligi suw sportlary boýunça geçirilen dünýä çempionatynda gazandy. Bu çempionat Ýaponiýanyň Fukuoke şäherinde geçirilýär.

Bu ýerde dünýä belli amerikaly türgen Maýkl Felipsiň iň soňky rekordy täzelendi. Fransuz türgeni 400 metr aralygy 4 minut 2,5 sekuntda geçmegi başardy. 23 gezek Olimpiýa çempiony bolan Maýkl Felpsiň görkezen netijesi 4 minut 3 sekunda barabardy. Ol bu rekordy 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda goýupdy.

Marşan 21 ýaşynda we 3-nji gezek dünýä çempiony boldy. Şeýle hem ol bu ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy. Ony Maýkl Felpsiň ozalky tälimçisi halkara ýaryşlaryna taýýarlaýar.

Felps karýerasy boýunça 39 dünýä rekordynyň eýesidir. Şeýle hem ol 4х100 metr we 4х200 metr aralyga erkin ýüzmekde hem rekordçy hasaplanýar.

Related posts

“Altyn Asyr” AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryna çykdy

Kurzawa PSŽ-de galyp biler

Ata Watan Eserleri

Hytaýda tomusky Uniwersiada badalga alar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment