SPORT

Ten Hag “Bayer” klubynyň baş tälimçisi boldy

Ozalky  “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçisi şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli baglaşyldy.

“Bayer” klubynyň baş tälimçisi wezipesine Erik ten Hagyň bellenendigi resmi taýdan yglan edildi. Niderlandly 55 ýaşly hünärmen Germaniýanyň klubynda Habi Alonsonyň ornuny eýeledi. Alonso indi “Real” klubynda işleýär.

Ten Hag bilen “Bayeriň” arasynda 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Bu şertnama 1-nji iýuldan güýje girer.

Erigiň soňky tälimçilik eden kluby “Mançester Ýunaýtedi” boldy. Ol bu kluby 28-nji oktýabrda terk etdi. Topar bilen ol Angliýanyň Kubogyny we Angliýanyň Ligasynyň Kubogyny gazandy.

Ten Hag “Utreht” hem-de “Aýaks” klublarynda hem tälimçilik edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby okuw-türgenleşigini geçirer

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler