SPORT

Neýmar hem Saud Arabystanyna gidýär

Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen Saud Aranystanynyň “Al-Hilal” topary meşhur brazil futbolçysy Neýmaryň transferi babatda ylalaşdy.

Sport neşirleriniň habar bermegine görä, iki toparyň arasynda gazanylan ylalaşyga görä, 31 ýaşyndaky brazil futbolçy saud toparyna geçer. “PSŽ” topary “Al-Hilal” toparynyň teklibini makullady.

Neýmaryň özi hem bu teklibine oňyn garady. Neýmaryň häzirki wagtda çykyş edýän fransuz topary bilen şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Neýmar täze toparynda 2 ýylda 160 million ýewro gazanar.

Ol 2017-nji ýylda Ispaniýanyň “Barsleona” toparyndan “PSŽ” toparyna 222 million ýewro geçipdi we dünýä futbolynyň taryhyndaky rekord bolupdy. Brazil futbolçy fransuz toparynyň düzüminde 173 duşuşykda oýnap, 118 gezek tapawutlandy.

Related posts

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

46 ýaşynda dünýä çempiony bolmak başartmady

Leave a Comment