JEMGYÝET

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Muhammetmyrat Gurbanmyradowiç Sapargulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Ýazmuhammedowiç Gurbangulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady