MEDENIÝET

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çä­gin­de to­ma­şa­çy­la­ra hö­dür­le­nen «Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film hem il­deş­le­ri­miz üçin baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bo­lup, türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň baý­laş­ma­gy­na öz­bo­luş­ly go­şant­dyr.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy, şeý­le-de Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li dö­re­di­len gys­ga göw­rüm­li çe­per film­de döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri be­ýan edil­ýär. Şyh­mäm­met Mol­la­ýe­wiň re­žiss­ýor­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şü­ri­len bu çe­per fil­miň ede­bi esa­sy Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Döw­let­gel­di An­na­my­ra­do­wyň ga­la­my­na de­giş­li. Fil­miň dö­re­dil­me­gin­de go­ýu­jy ki­noo­pe­ra­tor Baý­ram Gar­ly­ýe­wiň, go­ýu­jy su­rat­keş Baý­ram Pa­ty­şa­gu­ly­ýe­wiň, kom­po­zi­tor Der­kar Je­li­lo­wyň we beý­le­ki­le­riň hem hyz­mat­la­ry ulu­dyr.

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly film pa­ra­hat­çy­ly­gyň nyşany ha­sap­la­nyl­ýan gar­la­waç­dyr kep­de­ri­ler bi­len bag­ly bir­nä­çe gy­zyk­ly wa­ka­la­ry özün­de jem­le­ýär.

Fil­miň baş gah­ry­ma­ny My­rat Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, us­sat heý­kel­ta­raş Sa­ragt Ba­ba­ýe­wiň dö­re­den, gar­la­waç­la­ryň şekili ýer­leş­di­ri­len «Er­ka­na­lyk bi­na­sy­nyň» öz­bo­luş­ly ki­çi görnüşini ýa­sap, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bol­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, baş gah­ry­man My­rat — Ka­ka­gel­di Pat­dy­kow Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­syn­da mu­gal­lym bo­lup, Sa­ragt Ba­ba­ýewiň şägirtleriniň biridir. Fil­miň ahy­ryn­da baş gah­ry­manlaryň biri La­çy­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýan, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ry­nyň ar­tis­ti Ogul­ja­han Me­ret­dur­dy­ýe­wa­nyň «Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my­ny» joş­gun­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi bu ki­no ese­rin­de özboluşly saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň söz­le­ri­ne dö­re­di­len «Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!», «Leý­li­saç ba­ra­da ro­wa­ýat» at­ly aý­dym­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi fil­miň tä­sir­li­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar.

Ýene-de okaň

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi