BIZNES

Mary etrabynda ammiak we ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurlar

Sanly ulgam arkaly 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konsern tarapyndan dürli mineral dökünleri öndürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurtlara eksport etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ýokary hilli mineral dökünleri öndürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda innowasion enjamlar we tehnologiýalar ornaşdyrylan täze, döwrebap zawodlaryň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi