SPORT

Klopp üçin futbol taryhynyň iň gowy tälimçisi

Angliýanyň “Liwerpul” hem-de Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparlarynyň öňki tälimçisi Ýurgen Klopp özünä görä, futbol taryhynyň iň gowy tälimçisini mälim etdi.

“Ser Aleks Ferguson bilen gaty gowy pursatlarym boldy. Hatda onuň bilen gürleşmek hem uly hormat. Menejer üçin uly hormat – oturmak we diňlemek. Onuň aýdýanlaryna düşünmek üçin 10 minut gerek boldy. Ferguson dünýäniň iň uly tälimçisi. Men oňa gaty hormat goýýaryn” diýip, Klopp belledi.

Ser Aleks Ferguson futbol taryhynyň iň üstünlikli tälimçileriň biridir. 1986-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna tälim berip, şol döwürde 13 gezek Angliýanyň çempiony boldy,bäş gezek Angliýanyň kubogyny we iki gezek UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby okuw-türgenleşigini geçirer

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler