JEMGYÝET

Ýurdumyzda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek maksady bilen, “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler.

Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsirleri, gözel tebigatymyza söýgi hem-de hormat, ýurdumyzda “ýaşyl” ösüşe gönükdirilen işler şöhlelendirilmeli.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmaly.

Hödürlenjek eserleri “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” diýen ýazgy bilen watan@sanly.tm elektron poçtasyna 19.09.2025 senesine çenli ibermeli.

Bäsleşigiň jemi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary, baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-61-06; 94-03-26.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady