SPORT

Ýaş ispan hüjümçi “Monakoda” oýnar

Meşhur argentin ýyldyz Lionel Messä meňzedilen ýaş futbolçylaryň biri bolan Ansu Fati Fransiýanyň “Monako” toparyna geçdi. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär.

22 ýaşyndaky futbolçy Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan bir möwsüm üçin kärendesine alyndy. Soňlugy bilen futbolçyny satyn almak hem göz öňünde tutulýar.

Ispan toparynyň düzüminde ýetişen bu futbolçy 16 ýaşynda 2019-njy ýyldan bäri ýokary ligada çykyş edýär we şol ýylyň 10-njy dekabrynda Çempionlar ligasynyň duşuşygynda “Inter” toparynyň derwezesine gol geçirip, Çempionlar ligasynda gol geçiren iň ýaş futbolçy boulpdy.

Fati “Barselona” toparynyň düzüminde 123 duşuşykda oýnady we bu topar bilen 2 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, 2 gezekden Ispaniýanyň Kubogyny hem-de Superkubogyny gazandy.

Ansu Fati Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 10 duşuşykda oýnady.

Related posts

Maýk Taýson-Jeýk Pol: boks tutluşygynyň rekordlary

Ýol welosport boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär

51 ýyldan soňra ýene-de kubok gazandy