DÜNÝÄ

Baku şäherinde türkmen-owgan hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk pudagyndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika, ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara garaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär