DÜNÝÄ

Ispan Patyşasynyň 18 ýyldan soňra Hytaýa sapary

Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI 18 ýyldan soň ilkinji resmi sapary bilen Hytaýa bardy. Bu sapar Ispaniýanyň monarhynyň soňky 18 ýylyň dowamynda Hytaýa eden ilkinji döwlet sapary boldy.

Maglumatlara görä, Patyşa Filipp daşary işler ministri Jose Manuel Albares, ykdysadyýet ministri Karlos Kuerpo we ispan telekeçileriniň topary bilen bilelikde Hytaýyň Çendu şäherinde geçiriljek bilelikdäki işewürlik forumyna gatnaşar. Soň bolsa ol Pekin şäherine baryp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşar.

Bu sapar Madridiň Hytaý bilen söwda gatnaşyklaryny dikeltmek strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Şol maksatnama çäklerinde soňky üç ýylyň dowamynda Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes Hytaýa üç gezek sapar etdi.

Şeýle hem Si Szinpin 2018-nji ýylyň noýabrynda Ispaniýa döwlet saparyny amala aşyrypdy.

 

Related posts

BMG-de täze Baş sekretary saýlamak işi başlandy

18-nji fewral – Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

Aşgabada Haj we din işleri boýunça ministriň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti geldi