DÜNÝÄ

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen howa gatnawlary dikeldiler.

Russiýa mundan ozal Beýik Britaniýa, Türkiýä we Tanzaniýa howa gatnawlaryny dikeldipdi. Häzir halkara gatnawlary Moskwa, Sankt-Peterburg we Don boýundaky Rostow şäherlerinden amala aşyrylýan bolsa, 1-nji sentýabrdan başlap, u sanawa Ýekaterinburg, Nowosibirsk we Wladiwostok hem goşular. Has soňrak Soçi, Krasnodar we Kazan şäherlerinden hem halkara howa gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Related posts

Rebeka Grinspan BMG-niň ilkinji zenan ýolbaşçysy bolup biler

Sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi