TEHNOLOGIÝA

“Skoda”-nyň täze ulagy

Ýakynda käbir maglumatlary bilen tanyşdyrylan «Skoda Enyaq» awtoulagy daşky dizaýny bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu awtoulag kompaniýanyň 1-nji sentýabrda tanyşdyrmak isleýän ilkinji elektrik awtoulagydyr.

Uzynlygy 4648 mm we ini 1877 mm bolan Çeh ulagynyň beýikligi 1618 mm diýlip yglan edildi. Yzky oturgyç dikligine duran halatynda awtoulagyň yzyna (bagažyna) 585 litr göwrümli goş elýeterli bolar.

Iki hereketlendirijili we dört tigirli “Enyaq iV RS” 306 at güýji tizlige barabar bolar. Bu bolsa “Skodanyň” iň ýokary tizlikli ulagy bolar. 6.2 sekuntda 0-dan 100-e ýetjek modeliň WLTP kadalaryna laýyklykda 460 km aralygy geçmek üçin niýetlenen. “Skoda” jemi 5 dürli güýç we 3 batareýa görnüşini hödürlär.

“Skoda Enyaq iV” awtoulagyyň önümçiligi 2020-nji ýylyň ahyrynda başlar we 2021-nji ýylda ýolda bolar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi