DÜNÝÄ

Sony kompaniýasynyň ady üýtgedildi

“Sony China” habar gullugynyň habaryna görä, geçen anna güni paýdarlaryň ýarym ýyllyk ýygnagynda “Sony” kompaniýasynyň adyny “Sony Group” diýip üýtgetmek teklibini tassykladylar. Adyň üýtgemegi 2021-nji ýylyň aprelinde güýje girer.

Kompaniýanyň esasy işi elektron önümlerini ösdürmekdir. 1946-njy ýylda Szin Şenda we Şoda Morita tarapyndan esaslandyryldy. Szin Şenda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda we marketingde ökde bolsa, Şoda Morita tehnologiýa gözleglerinde iş alyp barýardy. Häzirki wagtda kompaniýanyň ştab-kwartirasy Tokionyň Minan-ku şäheriniň Konan etrabynda ýerleşýär.

Bu kompaniýanyň 60 ýyldan soň ilkinji gezek adyny üýtgetdi. Çünki “Sony” kompaniýasynyň häzirki wagtda 1500-den gowrak şahamçasy bar. Olar dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýär.

 

Related posts

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi Moldowada birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär

Ata Watan Eserleri