DÜNÝÄ

Türkmenistan – Katar migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2025-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda Syýahatçylyk we migrasiýa babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we bu ugurda gepleşikleri geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Kataryň degişli edaralary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurdumyzyň toplan oňyn tejribeleri barada nygtap geçdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Kataryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy