TEHNOLOGIÝA

“Google” kompaniýasy Germaniýada 5.5 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirer

Amerikaly tehnologiýa kompaniýasy “Google” öňümizdäki dört ýylyň dowamynda Germaniýadaky taslamalara 5,5 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Bu barada kompaniýanyň Germaniýadaky bölüminiň ýolbaşçysy Filipp Justus “Der Spiegel” žurnalyna beren beýanatynda habar berdi.

Maýa serişdeleri esasan Ditsenbah şäherinde täze maglumatlar merkeziniň (data merkeziniň) gurluşygyna, şeýle hem şol sebitdäki Hanau şäherindäki bar bolan merkeziniň giňeldilmegine gönükdiriler.

Mundan başga-da, “Google” kompaniýasy Berlin, Mýunhen we Frankfurt şäherlerinde-de öz işini giňelder. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu taslama Germaniýada amala aşyrylýan iň uly maýa goýum maksatnamasydyr. 2029-njy ýylyň ahyryna çenli ýurtda her ýyl takmynan 9 müň iş orny dörediler.

Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers bu meýilnamany “X” sosial ulgamy arkaly goldap çykyş etdi. Onuň pikiriçe, bu waka Germaniýanyň dünýäniň iň özüne çekiji maýa goýum meýdançalarynyň biri bolup galýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi