TEHNOLOGIÝA

“OpenAI” täze nesil emeli intellekt modeli — “GPT-5”-i hödürledi

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda dünýäniň iň meşhur emeli intellekt platformalarynyň biri bolan “ChatGPT”-niň täze wersiýasy — “GPT-5” resmi taýdan işe girizildi.

Täze model öňkülerden has çalt we takyk bolup, soraglara has ýerlikli jogap berýär, galp maglumat beriş derejesi bolsa ep-esli azaldy. “OpenAI”-nyň bellemegine görä, “GPT-5” diňe tekst bilen däl, surat, ses we wideo ýaly maglumat görnüşleri bilen hem işläp bilýär.

Näme täze?

  • Jogap bermek tizligi we düşünmek ukyby ýokarlandyryldy.
  • Uzyn we çylşyrymly soraglara has ýerlikli düşündiriş berýär.
  • Kod ýazmak, öwrenmek we döredijilik işlerinde öňkülerden güýçli.
  • Surat, ses we wideo bilen işlemek mümkinçilikleri giňeldi.

Kim ulanyp biler?

“GPT-5” häzirki wagtda “ChatGPT” ulanyjylarynyň hemmesine elýeterli. Mugt ulanyjylar çäkli görnüşini, tölegli abunaçylaryň bolsa doly mümkinçilikleri ulanmaga hukugy bar.

Bu täze wersiýa, gündelik durmuşda hem, bilimde, biznesde, hukuk we ylmy-barlag işlerinde hem giňden peýdalanyp bilinjek güýçli gural hökmünde hödürlenýär.

Malim bolşy ýaly, “Atawatan media” bolup, biz eýýäm 2 ýyldan bari emeli intellekt boýunça sowatlygy artdyrmak boyunca habarlary, şeýle hem emeli intellekt bilen taýýarlanan mazmunly kontentleri siz bilen paýlaşyp gelýäris.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi