BIZNES

Çagalar we gelejek: Innowasiýalaryň sergisi

2025-nji ýylyň 21-23-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda giňden garaşylýan : “Kids Expo:Ähli zat çagalar üçin” atly Halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi, çagalar üçin önümçilik, innowasiýa we tehnologiýa ugurlaryny görkezmek maksady bilen döredildi.

       Serginiň maksady çagalar we olaryň enesi, atasy üçin köp sanly täze we peýdaly önümleri, hyzmatlary we çözgütleri üpjün etmekdir. “Kids Expo” giňişleýin derejeler boýunça, şol sanda çagalar üçin mebel, oýunlar, bilim serişdeleri, sport we saglyk önümleri we beýleki taslamalary öz içine alar.

         Serginiň dowamynda ýörite okuw çäreleri, interaktiw oýunlar, bilim we oýun görnüşli çäreler hem guralar. Şonuň ýaly-da çagalar üçin täzelikler we innowasiýalar görkeziler, bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny we çagalar üçin täze mümkinçilikleri döretmäge uly itergi berer.

         Bu sergi, çagalaryň durmuşda möhüm orny bolandygyny we olaryň ösüşine oňat mümkinçilikler döretmegiň ähmiýetini görkezýär. Bu çäre ýurdumyzyň we halkara ykdysadyýetiniň we işewürligiň täze ugurlaryna göz aýlamak üçin amatly şertleri döredýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleginde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy